Turkmenportal logo
Düýn 17:49
62846284
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
ÝB «AliExpress» kompaniýasyna bikanun we galp harytlaryň satuwy sebäpli 629 million dollar möçberinde jerime saldy

Ýewropa Komissiýasy ÝB-niň Sanly hyzmatlar hakynda kanunyny (DSA) bozandygy üçin «AliExpress» onlaýn söwda kompaniýasyna 629 million ABŞ-nyň dollary möçberinde jerime saldy. Bu DSA güýje gireninden bäri şu kanunyň esasynda bellenen iň uly jerimedir.

Gözegçilik ediji edaranyň maglumatlaryna görä, platforma howply we galp harytlaryň satuwy bilen bagly töwekgelçiliklere ýeterlik derejede baha bermändir. Hususan-da, galp önümler, şeýle hem adam saglygy üçin howp döredip biljek oýnawaçlar we kosmetika serişdeleri birnäçe hepdäniň dowamynda platformada satyn almak üçin elýeterli bolupdyr — diýip, Bloomberg neşiri habar berýär.

Jerimeden başga-da, «AliExpress» kompaniýasyna ýüze çykarylan düzgün bozulmalary düzetmek boýunça meýilnamany 2026-njy ýylyň 20-nji oktýabryna çenli hödürlemek tabşyryldy. Bu talap ýerine ýetirilmedik halatynda, kompaniýa goşmaça sanksiýalara sezewar bolup biler.

Ýewropa Komissiýasy şeýle-de platformanyň ynsapsyz satyjylara garşy ulanýan çäreleriniň netijesizdigini belledi. Düzgün bozýan satyjylar gadagan edilen harytlary satmagyny dowam etdiripdirler, galp önümleri üpjün edijiler bolsa «AliExpress» kompaniýasynyň barlag mehanizmlerinden aýlanyp geçmegiň usullaryny tapypdyrlar.

«AliExpress» kompaniýasy öz gezeginde düzgünleşdiriji edaranyň karary bilen ylalaşmaýandygyny mälim edip, jerimäniň möçberini çendenaşa ýokary hasaplady. Reuters agentliginiň habar bermegine görä, kompaniýa Ýewropa Komissiýasynyň kararynda platformada eýýäm durmuşa geçirilen gowulandyrmalaryň nazara alynmandygyny belläp geçdi.

«AliExpress» kompaniýasyna salnan bu jerime häzirki wagta çenli ÝB-niň Sanly hyzmatlar hakynda kanunyň esasynda bellenen iň uly jerimedir. Mundan ozal hem şu kanuna laýyklykda başga kompaniýalara garşy çäre görülipdi: 2025-nji ýylyň dekabrynda X sosial toruna 140 million dollar, 2026-njy ýylyň maý aýynda bolsa howply harytlary satandygy üçin Temu onlaýn söwda meýdançasyna 200 million ýewro möçberinde jerime salyndy.