Turkmenportal logo
Düýn 17:39
43274327
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Global Academy» türkmen dalaşgärlerini İstanbul Medipol University ýokary okuw mekdebine kabul edişligi dowam etdirýär

«Global Academy» kompaniýasy Türkiýäniň öňdebaryjy hususy ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan İstanbul Medipol University ýokary okuw mekdebine resminamalaryň kabul edilişiniň dowam edýändigini habar berdi. Uniwersitet Stambulyň Beýkoz etrabynda ýerleşýär we onuň diplomlary Türkmenistanda ykrar edilýän ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna girýär.

Dalaşgärlere taýýarlygyň dürli ugurlary boýunça giň mümkinçilik hödürlenýär. Olaryň hatarynda lukmançylyk, stomatologiýa, derman senagaty, şepagat uýalarynyň işi, hukuk, binagärlik, inženerçilik, maglumat tehnologiýalary, ykdysadyýet, halkara gatnaşyklary, psihologiýa, media we kommunikasiýa, azyk senagaty, syýahatçylyk hem-de myhmanhana dolandyryşy ýaly hünärler bar.

Bir okuw ýylynyň tölegini Türkmenistanyň banklarynyň üsti bilen geçirmek mümkindir. Okuwa kabul edilendigini tassyklamak üçin 1 500 ABŞ-nyň dollary möçberinde depozit tölenýär. Okuwyň umumy tölegi doly geçirilenden soň, bu depozit talyba dolulygyna gaýtarylyp berilýär.

«Global Academy» kompaniýasynyň hünärmenleriniň bellemegine görä, kompaniýa tarapyndan okuwa kabul edilmegiň ähli resmi tapgyrlarynda goldaw berilýär. Muňa hünär saýlamaga ýardam bermek, resminamalary taýýarlamak we resmileşdirmek, uniwersitetden çakylyk almak, wiza boýunça goldaw bermek hem-de okuw ýyly başlanýança dalaşgäri ugurdaş alyp barmak ýaly işler girýär.

Kompaniýanyň wekilhanalary Türkiýede, şeýle hem Türkmenistanda — Aşgabat, Türkmenabat, Seýdi, Boýnuzyn we Baýramaly şäherlerinde hereket edýär.

Goşmaça maglumatlary +90 507 045 77 88, +90 505 981 11 39 we +993 71 43 83 31 telefon belgileri, kompaniýanyň sosial ulgamdaky sahypasy ýa-da globalmeditravel.com.tr/universiteler  internet sahypasy arkaly alyp bolýar.