Hytaýyň raýatlary üçin Russiýa wizasyz girmek hukugy 2027-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli uzaldyldy. RF-niň Prezidenti Wladimir Putiniň degişli permany hukuk habarlary portalynda çap edildi diýip, TASS habar berdi.
Öň Hytaýyň raýatlaryna Russiýa 2026-njy ýylyň 14-nji sentýabryna çenli wizasyz barmak rugsat berilýärdi.