Turkmenportal logo
Düýn 17:01
1169611696
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
BMG-niň Türkmenistanda täze bellenilen hemişelik utgaşdyryjysy işe başlady

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Türkmenistanda täze bellenilen hemişelik utgaşdyryjysy Sýaoszýun Wan bilen duşuşdy. Bu barada daşary syýasat edarasy habar berýär.

Ministr Sýaoszýun Wany jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň BMG-niň ulgamy bilen özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini hem-de ileri tutulýan ugurlar boýunça bilelikdäki işleriň ähmiýetini bellediler.

Aýratyn üns durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlygyň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Çarçuwaly maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine, Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilişi boýunça Meýletin milli synynyň taýýarlanylmagyna, şeýle hem «Türkmenistan – BMG» Strategik maslahat beriş geňeşiniň işine gönükdirildi.

Taraplar Türkmenistanyň milli ileri tutulýan ugurlaryna we durnukly ösüş boýunça ählumumy wezipelere laýyk gelýän täze bilelikdäki başlangyçlary işläp taýýarlamaga gyzyklanma bildirip, Türkmenistanyň BMG-niň çäklerindäki halkara başlangyçlaryny öňe sürmegiň, şeýle hem Awaza syýasy Jarnamasyny we 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny yzygiderli durmuşa geçirmegiň möhümdigini bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirildi.