Turkmenportal logo
Düýn 16:46
1112511125
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Koreýa Respublikasynyň parlamentiniň deputatlary Türkmenistana sapar bilen geldiler

Koreýa Respublikasy – Türkmenistan parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Milli assambleýanyň deputaty Çhwe Hýon Du hem-de Koreýa Respublikasy – Azerbaýjan parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Milli assambleýanyň deputaty Li Man Hi 16–17-nji iýul aralygynda Türkmenistana sapar bilen geldiler. Bu barada Koreýa Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Ilçihananyň berýän maglumatyna görä, saparyň dowamynda koreýaly parlament wekilleri Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa, şeýle hem Türkmenistan – Koreýa Respublikasy parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Mejlisiň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň başlygy Maksat Kulyýew bilen duşuşdylar.

Şeýle hem myhmanlar Türkmenistanyň energetika, gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annamämmedow bilen gepleşikleri geçirdiler. Mundan başga-da, olar Türkmenistanda iş alyp barýan koreý kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşdylar.

Habarda bellenilişi ýaly, Çhwe Hýon Du sentýabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän «Koreýa Respublikasy – Merkezi Aziýa» sammitiniň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynda möhüm ädim boljakdygyny aýtdy. Şeýle-de ol Türkmenistanda işleýän koreý kompaniýalarynyň işine mundan beýläk hem goldaw beriljekdigine ynam bildirdi.