Türkmen estrada aýdymçysy Söhbet Jumaýew häzirki zaman Türkmenistanyň gazanan uly üstünliklerine bagyşlanan «Halkym diýip ýaşaýar» diýen täze adymyny tanyşdyrdy. Şekilli aýdymyň ilkinji görkezilişi 2026-njy ýylyň 18-nji iýulynda aýdymçynyň resmi «YouTube» kanalynda geçirildi.
Bu aýdym Watana bolan söýginiň, onuň şanly geçmişine bolan buýsanjyň we ýurduň röwşen gelejegine bolan ynamyň birleşen belent mukamydyr. Aýdymyň şekillerinde türkmen durmuşynyň ähli gözelliklerini özünde jemleýän ajaýyp pursatlar görkezilýär: tamdyrda çörek bişirilişi we haly dokalşy, erkekleriň daglaryň fonunda ýerine ýetirýän tansy, Gün batan çagy sürüsini bakyp ýören çopan, gurluşyk meýdançalary, mekdep synplary, pälwanlaryň türgenleşikleri we ak mermerli Aşgabadyň binagärlik gözelligi utgaşdyrylýar. Şekilleriň iň täsirli ýeri bolsa — ýaşuly nesilden başlap çagalara çenli dürli kärdäki adamlaryň ýurduň binagärlik ýadygärlikleriniň öňünde birleşip, aýdymy bilelikde ýerine ýetirýän pursatydyr.
Söhbet Jumaýew — türkmen estrada aýdymçysy bolup, ol 1992-nji ýylda Garabekewül şäherçesinde eneden boldy. Ol özüniň watançylyk we liriki aýdymlary bilen halk arasynda uly meşhurlyga eýedir, bu täze aýdym hem şol mowzugyň aýdyň dowamyna öwrüldi.
«Halkym diýip ýaşaýar» atly aýdym eýýäm aýdymçynyň resmi «YouTube» kanalynda tomaşa etmek üçin elýeterlidir.