Turkmenportal logo
Düýn 15:58
1071010710
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Starmer Beýik Britaniýanyň premýer-ministri wezipesindäki işini tamamlandygyny yglan etdi

Beýik Britaniýanyň premýer-ministri wezipesinden çekilýän Kir Starmer hökümet baştutany hökmünde alyp baran işini tamamlandygyny yglan etdi. Bu barada «Sky News» neşiri habar berdi.

Syýasatçy wezipesinden çekilýändigi barada resmi taýdan habar bermek üçin Patyşa Karl III bilen duşuşjakdygyny aýtdy. Şeýle hem ol Zähmet partiýasyna alty ýarym ýyl ýolbaşçylyk eden döwründe partiýany 2019-njy ýyldaky taryhy ýeňlişden 2024-nji ýyldaky parlament saýlawlarynda gazanylan ýeňşe çenli alyp gelendigini belledi.

Starmer premýer-ministr bolup hyzmat etmegiň özi üçin uly mertebe bolandygyny aýdyp, hökümetiniň iki ýyllyk işiniň dowamynda Beýik Britaniýanyň has güýçli we has adalatly döwlete öwrülendigini nygtady. Ol gazanylan üstünlikleriň hatarynda çagalaryň garyplyk derejesiniň peseldilmegini, immigrasiýanyň azaldylmagyny, ýurduň goranyş ukybynyň pugtalandyrylmagyny hem-de halkara abraýynyň ýokarlanmagyny görkezdi. Şeýle hem harby gullukçylaryň, lukmanlaryň we meýletinçileriň bitiren hyzmatlaryna aýratyn ýokary baha berdi.

Beýik Britaniýanyň täze premýer-ministri ozal Uly Mançesteriň häkimi wezipesinde işlän Endi Býornem bolar. Ol Zähmet partiýasynyň täze lideri hökmünde saýlanandan soň, onuň hökümet baştutany wezipesine bellenilmegi resmi tertipde amala aşyryldy.