Turkmenportal logo
Düýn 15:02
79717971
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Bloomberg»: dinozawrlaryň ystyhanlary baý adamlaryň arasynda meşhurlyk gazandy
Surat: gazeta.ru

Dinozawrlaryň ystyhanlary (skeletleri) iň islegli maýa goýumlara öwrüldi, baýlar olary sport klublary we Faberže ýumurtgalary ýaly işjeň satyn alýarlar diýip, «Bloomberg» agentligine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.

Agentlik käbir baý adamlaryň şeýle söwdalar kaşaňlygy we ilkidurmuş özüne çekijiligi jemleýär diýip hasaplaýarlar. Mysal üçin, tirannozawr Samsonyň ystyhany üçin 600 müň dollar tölän milliarder Den O' Daud bu söwdasynyň «iň özüne çekiji oljadygyny» nygtady.

Makalada ýazylyşy ýaly, şeýle emlägiň gymmaty onuň gelip çykyşyna, hakykylygyna (kesgitlemesi juda kyn), dinozawryň seýrekligine we galyndylarynyň abatlygyna baglydyr.

Geçen hepdede Gas lakamly reks tirannozawry «Sotheby's» auksionynda 50,1 mln dollara satyldy. Öň 2024-nji ýylda Apeks diýen stegozawr 44,6 mln dollara satylypdy.