Nýu-Ýorkdaky Azatlyk heýkelini Kanadadaky tokaý ýangynlarynyň goýy tüssesi gurşady. Bu barada «Fox News» teleýaýlymy «YouTube»-däki ýaýlymynda habar berdi.
Wideogörnüşlerde heýkeli Gudzon derýasynyň kenaryndan saýgaryp bolmaýandygy görünýär. Ol Kanadanyň serhetinden takmynan 400 kilometr uzaklykda ýerleşýär.
Teleýaýlym şeýle hem tokaý ýangynlarynyň gurumynyň ABŞ-nyň demirgazyk-gündogaryndaky iri şäherleriň köpüsini basandygyny habar berdi.