Turkmenportal logo
Düýn 14:25
75857585
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Lebap sement zawodynda 6 aýda 1 million tonna golaý sement öndürildi

Lebap sement zawodynda 2026-njy ýylyň ilkinji alty aýynda 941,1 müň tonna sement öndürildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, kärhananyň ozalky 1 million tonnalyk ýyllyk önümçilik kuwwatyna eýýäm golaýlady.

2025-nji ýylyň degişli döwründe zawodda 743,6 müň tonna önüm öndürilipdi. Şeýlelikde, şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda sement önümçiligi geçen ýyldakydan 197,5 müň tonna ýa-da 26,6 göterim artdy.

Öň ýyllyk önümçilik kuwwaty 1 million tonna deň bolan kärhananyň häzirki mümkinçilikleri 2 million tonna ýetirildi.