Turkmenportal logo
Düýn 13:28
96189618
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Waşingtonda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan çäreler geçirildi

Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasy Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy bilen bilelikde Waşington şäherinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna we ABŞ-nyň Garaşsyzlygynyň 250 ýyllygyna bagyşlanan birnäçe çäre geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Çäreleriň esasy wakasy «Türkmenistan – ABŞ hyzmatdaşlygy: Garaşsyzlygy, dostlugy we umumy geljegi dabaralandyrýarys» atly tegelek stolyň başyndaky maslahat boldy. Onda gatnaşyjylar iki ýurduň arasyndaky syýasy, ykdysady, bilim, medeni we ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçisi Esen Aýdogdyýew we Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Wepa Hajyýew ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşi, şeýle hem iki ýurduň halkara we köptaraplaýyn görnüşdäki hyzmatdaşlygy barada çykyş etdiler.

ABŞ tarapyndan bu ýurduň Döwlet departamentiniň Merkezi Aziýa boýunça döwlet sekretarynyň kömekçisiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Mark Kameron hem-de ABŞ-nyň Türkmenistandaky öňki ilçisi Mettýu Klimow çykyş etdiler. Olar türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň oňyn ösüşine ýokary baha berip, hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Çärä ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň, diplomatik korpusyň, ylmy we seljeriş merkezleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri, şeýle hem türkmen diasporasynyň agzalary gatnaşdylar.

Maksatnamanyň çäklerinde türkmen halkynyň amaly-haşam sungatynyň eserleri, milli lybaslar, kitaplar we neşir önümleri görkezilen medeni sergi guraldy. Şeýle hem dostlukly küşt ýaryşy geçirilip, onuň ýeňijilerine medallar, şahadatnamalar we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Çäreler tapgyry dostlukly futbol duşuşygy bilen jemlenip, oňa gatnaşyjylara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.