Turkmenportal logo
Düýn 13:05
78327832
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Wenesueladaky ýertitremede pida bolanlaryň sany 5100 adamdan geçdi
Surat: mir24.tv

Wenesuelanyň parlamentiniň başlygy Horhe Rodriges ýekşenbe güni ýurtda bolan elhenç ýer sarsgynlary netijesinde pida bolanlaryň sanynyň 5,1 müňden geçip, 5119 adama ýetendigini habar berdi. Bu bir gün öňdäkiden 50 adam köp. Ejir çekenleriň sany 16,7 müňden gowrak, halas edilenleriň sany 6462 diýip, «MIR 24» ýazýar.

Wenesuelada 24-nji iýunda güýji degişlilikde 7,2 we 7,5 bala, aralygy 39 sekunda deň iki ýertitreme boldy. Tebigy betbagtçylykdan soňra ýurtda adatdan daşary ýagdaý düzgüni yglan edildi, halkara jemgyýetçiligi respublika haýyr-sahawat we halas ediş toparlaryny ýollady.

Wenesueladaky ýertitremede pida bolanlaryň sany 5100 adamdan geçdi | Turkmenportal.com