Turkmenportal logo
Düýn 12:22
1030210302
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Jon Defterios Aşgabatda geçiriljek OGT 2026 maslahatynyň baş halkara moderatory bolar

Halkara žurnalist we ykdysady synçy Jon Defterios «Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» atly 31-nji Halkara maslahatyna we sergisine baş halkara moderatory hökmünde gatnaşar. Bu barada forumyň guramaçylary habar berdiler.

Çäre 2026-njy ýylyň 21–23-nji oktýabry aralygynda Aşgabatda «Energiýa. Hyzmatdaşlyk. Ösüş.» diýen şygar astynda geçiriler. Işewürlik maksatnamasynyň çäklerinde Jon Defterios esasy mejlisleri alyp barar hem-de döwlet edaralarynyň wekilleriniň, milli we halkara energetika kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň, maýadarlaryň, halkara guramalarynyň hem-de pudak bilermenleriniň gatnaşmagynda geçiriljek pikir alyşmalary alyp barar.

Jon Defterios dünýä ykdysadyýeti, energetika, halkara söwda we geosyýasat meselelerini beýan etmek boýunça 35 ýyldan gowrak iş tejribesine eýedir. Ol köp ýyllap «CNN Business» teleýaýlymynyň ösüp barýan bazarlar boýunça redaktory we alyp baryjysy bolup işledi. Abu-Dabidäki sebit merkezinde zähmet çekip, Ýakyn Gündogarda we beýleki ösüp barýan bazarlarda ykdysady hem-de energetika pudagyndaky wakalary şöhlelendirdi. Şeýle hem ol «Reuters Television» we «PBS Television» bilen hyzmatdaşlyk edip, döwlet we hökümet baştutanlary, ministrler hem-de iri halkara kompaniýalaryň ýolbaşçylary bilen söhbetdeşlikleri geçirdi.

Defterios Bütindünýä ykdysady forumy, OPEK-iň Halkara seminarlary, ADIPEC sergisi we maslahaty, Atlantik geňeşiniň Bütindünýä energetika forumy hem-de Halkara walýuta gaznasynyň tegelek stol maslahatlary ýaly abraýly çärelerde moderator bolup çykyş etdi. Häzirki wagtda ol Abu-Dabidäki Nýu-Ýork uniwersitetinde işewürlik boýunça professor bolup işleýär, şeýle hem «APCO Worldwide konsalting» kompaniýasynda uly strategik geňeşçi wezipesini ýerine ýetirýär.

Jon Defteriosyň sözlerine görä, OGT 2026 maslahatyna gatnaşmak onuň üçin uly hormatdyr. Sebäbi Türkmenistan baý tebigy serişdeleri we halkara energetika kompaniýalary bilen barha giňeýän hyzmatdaşlygyň netijesinde sebit hem-de dünýä energetika ulgamynda möhüm orun eýeleýär.

Guramaçylaryň bellemegine görä, Defteriosyň foruma gatnaşjakdygyny tassyklamagy foruma halkara gyzyklanmanyň barha artýandygyny görkezýär. Häzirki wagta çenli maslahata 150-den gowrak wekiliň hasaba alnandygy, sergi üçin niýetlenen ähli meýdançalaryň bolsa eýýäm doly paýlanyp gutarandygy habar berildi. OGT 2026-nyň baş hyzmatdaşy hökmünde Azerbaýjanyň SOCAR döwlet nebit kompaniýasy tassyklanyldy. Onuň gatnaşmagy Hazar sebitinde energetika hyzmatdaşlygy boýunça dialogyň ösdürilmegine goşant goşar diýlip garaşylýar.

Forumyň esasy mowzuklarynyň hatarynda Türkmenistanyň nebitgaz baýlyklaryny özleşdirmegiň geljegi, «Galkynyş» gaz känini ösdürmek, Hazar deňziniň türkmen böleginde geologiýa-gözleg işleri, tebigy gazy gaýtadan işlemek, nebitgaz himiýasy, taslamalary maliýeleşdirmek, sanlylaşdyrma, emeli aň tehnologiýalary we metan zyňyndylaryny azaltmak ýaly meseleler bar. Şeýle hem gatnaşyjylaryň Türkmenistanyň döwlet nebitgaz düzümleriniň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary meýilleşdirilýär.

Sergi meýdançalarynyň ählisiniň eýýäm paýlanyp gutarandygyna garamazdan, maslahat üçin wekilleriň hasaba alyş işi dowam edýär. Guramaçylar ýakyn hepdelerde OGT 2026-nyň esasy çykyş edijileri, halkara wekiliýetleri we strategik hyzmatdaşlary barada goşmaça maglumat berjekdiklerini mälim etdiler.