Ýekelli gartaşan adamlar adatdan daşary yssy howa şertlerinde aýratyn howp astyndakylar bolup durýar. Hut şu topara ýokary howa temperaturasynda heläk bolanlaryň agramly bölegi degişlidir. Bu barada Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň (BSSG) Ýewropa boýunça sebit ýolbaşçysy Hans Klýuge salgylanýan TASS habar berdi.
Direktoryň sözlerine görä, şeýle ýagdaýlaryň köpüsinden bihabar galynýar: adamlar öýlerinde gurban bolýarlar, olaryň jesetleri bolsa, birnäçe sagatdan, hatda günden soňra anyklanýar. Şeýle hem zenanlar erkeklere garalanda, yssydan has ýiti ejir çekýärler, olar heläk bolýanlaryň arasynda erkeklerden iki esse köpdür. Hünärmen muny zenanlaryň erkekler bilen deňeşdirilende, uzak ýaşaýandygy, netijede, garrylaryň esasy bölegini zenanlaryň tutýandygy bilen düşündirdi.
Mundan daşgary, yssyda göwreli zenanlar howp astynda. Yssy howa möhletinden öňki çaga dogumlaryna, pes agramly bäbekleriň dünýä inmegine ýa-da çaganyň düşmegine getirip bilýär.
Hünärmen açyk howada işleýänleriň, şol sanda gurluşykçylaryň, oba hojalykçylaryň we logistikada zähmet çekýänleriň howp astyndadygyny belledi. «Şeýle adamlar yssy howanyň täsiri astynda bolmak bilen, olaryň arakesme etmäge, kölegede gizlenmäge hem-de içimlik suwa mümkinçiligi ýok» diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.