Internet torunda heniz köpçülige tanyşdyrylmadyk «Nokia 300 4G Power Bank» düwmeli telefonyň häsiýetnamasy peýda boldy. Enjam adaty ykjam telefonyň we daşky akkumulýatoryň wezipesini özüne jemleýär. Bu barada «Hmd_Meme's» insaýderi sosial tordaky sahypasynda habar berdi.
Habarda täze enjamyň QVGA çözgütli 2,4 dýuýmlyk ekranynyň, 0,3 Mp çözgütli kamerasynyň we 3700 mAç sygymly akkumulýatorynyň bardygy bellenýär. Enjamyň garaşma düzgüninde 44 gün özbaşdak işlejekdigi habar berilýär. «Nokia 300 4G Power Bank» yzyna güýç bermegi 5 Wt.-e çenli saklaýan pauerbank hökmünde hem ulanylyp bilner.
Telefon 4G torunda işlemäge ukyply bolup, 32 GB.-lyk ýatly microSD, Bluetooth, gulaklyk üçin 3,5-mm çatma, FM-radio we mediapleýer bilen üpjün edilendir. Gajetiň ýene bir aýratynlygy güýçli yşykdiod çyrasy bolup, ýörişlerde we güýçli ýagtylyk zerur bolan çaglary peýdalanyp bolar, özi-de onuň ýagtylygy «iPhone 16 Pro» gajetiniňkiden hem ýokarydyr. Enjamyň haçan bazara çykjakdygy we bahasy aýdylmaýar.