Turkmenportal logo
Düýn 11:13
1043710437
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda howa +46 gradusa çenli yssy bolar

Bu barada Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gul­­lugynyň şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatynda aýdylýar. «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda berilýän maglumatda şeýle diýilýär:

Aşgabatda az bulutly, hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 10 — 13 metrden 14 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +24... +26 gradusdan +30... +32 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +34... +36 gradus maýyldan +39... +41 gradus aralygynda yssy bolar.

Balkan welaýatynda az bulutly, hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 9 — 14 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +21... +26 gradusdan +25... +30 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +37... +42 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +32... +37 gradus yssy bolar.

Ahal welaýatynda az bulutly, hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +22... +27 gradusdan +28... +33 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +33... +38 gradusdan +39... +44 gradus aralygynda yssy bolar.

Mary welaýatynda az bulutly, hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +22... +27 gradusdan +27... +32 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +33... +38 gradusdan +40... +45 gradus aralygynda yssy bolar.

Lebap welaýatynda az bulutly, hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +21... +26 gradusdan +28... +33 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +32... +37 gradusdan +41... +46 gradus aralygynda yssy bolar.

Daşoguz welaýatynda az bulutly, hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +20... +25 gradusdan +25... +30 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +31... +36 gradus maýyldan +36... +41 gradus aralygynda yssy bolar.