Turkmenportal logo
Düýn 09:23
73497349
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda diplomatik wekilhanalaryň wekilleriniň arasynda küşt ýaryşy geçirildi

18-nji iýulda Aşgabatda Halkara küşt güni mynasybetli Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň wekilleriniň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň arasynda küşt ýaryşy geçirildi. Ýaryşy Türkmenistanyň küşt federasiýasy (TKF) Türkmenistandaky Fransuz instituty bilen bilelikde gurady.

Bäsleşikler Fransuz institutynyň binasynda geçirilip, diplomatik jemgyýetçiligiň küşt söýüjilerini bir ýere jemledi.

Ýaryşyň dabaraly açylyşyndan soň ilkinji göçümi Türkmenistanyň küşt federasiýasynyň başlygy Wepa Mälikgulyýew, Türkmenistandaky Fransuz institutynyň direktory Wensan Lorensini, ýaryşyň baş hemaýatkäri bolan «Resmi kepil» ätiýaçlandyryş kompaniýasynyň wekili, şeýle hem tomaşaçy we janköýer hökmünde çärä gatnaşan Täjigistanyň Türkmenistandaky ilçisi Wafo Alibek Niýatbekzoda etdiler.

Ýaryş şweýsar ulgamy boýunça blis görnüşinde geçirildi. Ol 7 tapgyrda geçirildi, şunda her oýunçy üçin 7 minut esasy wagt we her göçüm üçin 3 sekunt goşulan wagt gözegçiligi berildi.

«Küşt döwlet serhetlerine, hünäre ýa-da eýeleýän wezipesine garamazdan adamlary birleşdirýän umumy dildir» — diýip, guramaçylar bellediler. Şeýle duşuşyklar medeni dialogy ösdürmäge we dürli ýurtlaryň wekilleriniň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berýän «küşt diplomatiýasynyň» ösmegine goşant goşýar.

Ýaryşyň netijeleri boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) wekili Rahman Saparbaýew mümkin bolan 7 utugyň ählisini toplap, birinji orny eýeledi.

Ikinji orna Germaniýanyň ilçihanasynyň wekili Folker Başe (6 utuk) mynasyp boldy.

Üçünji orny bolsa Beýik Britaniýanyň ilçihanasynyň wekili Maýkl Finn (5 utuk) eýeledi.

Sylaglamak dabarasynda ýörite baýraklar hem gowşuryldy. Zenanlaryň arasynda iň gowy netije görkezen oýunçy diýlip BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň wekili Elina Larina yglan edildi. Şeýle hem Täjigistanyň ilçihanasyna wekilçilik eden 11 ýaşly iň ýaş gatnaşyjy Komron Niýatbekow ýörite baýrak bilen sylaglandy.

Bu ýaryş, şeýle hem, Türkmenistanyň küşt federasiýasynyň Fransuz institutynyň binasynda yzygiderli geçirýän küşt klubunyň möwsümini jemledi. Iýul aýyndan sentýabryň ortalaryna çenli Fransuz instituty tomusky dynç alyş möwsümine çykar. Şol döwürde onuň ähli okuw bölümleriniň, şol sanda küşt klubynyň işi wagtlaýynça togtadylar.