Turkmenportal logo
Düýn 03:03
1019510195
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ispaniýanyň milli ýygyndysy 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň altyn medalyny gazandy

Ispaniýanyň milli ýygyndysy futbol boýunça dünýä çempionatynyň finalynda Argentinanyň milli ýygyndysyny ýeňip, taryhynda ikinji gezek dünýä çempiony boldy.

Final duşuşygy ýekşenbe güni Nýu-Ýorkda geçirildi. Oýnuň esasy wagty 0:0 hasabynda tamamlandy, goşmaça wagtda bolsa ispanlar 1:0 hasabynda üstün çykdylar. Duşuşykdaky ýeke-täk goly goşmaça wagtyň 106-njy minudynda Ferran Torres geçirdi. Ikinji ýarymyň öwezini dolmak üçin goşulan minutlarynda Argentinanyň ýarym goragçysy Enso Fernandes ikinji sary duýduryşyny alyp, meýdançadan çykaryldy.

Ispaniýanyň milli ýygyndysy dünýä çempionatynyň finalynda ikinji gezek çykyş edip, iki finalyň ikisinde-de ýeňiş gazandy. «Gyzyl furiýa» diýlip atlandyrylýan ýygyndy ilkinji gezek 2010-njy ýylda dünýä çempiony bolupdy. Şeýlelikde, ispanlar dünýä çempionlyklarynyň sany boýunça Fransiýanyň we Urugwaýyň milli ýygyndylary bilen deňleşdi (hersinde 2 çempionlyk bar). Bu ugurda rekord henizem Braziliýanyň milli ýygyndysyna degişlidir (5 çempionlyk). Ondan soň Italiýa we Germaniýa (hersinde 4), şeýle hem Argentina (3) ýerleşýär.

Soňky dünýä çempiony hökmünde çykyş eden Argentinanyň milli ýygyndysy dünýä çempionatynyň finalyna taryhynda ýedinji gezek çykdy. Toparyň hasabynda üç çempionlyk we aýgytlaýjy duşuşyklarda dört ýeňliş bar.

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionaty 11-nji iýundan 19-njy iýula çenli geçirildi. Taryhda ilkinji gezek ýaryşa 48 milli ýygyndy gatnaşdy. Oýunlar ABŞ-nyň, Meksikanyň we Kanadanyň çäginde geçirildi.

Indiki dünýä çempionaty, ilkinji dünýä çempionatynyň 100 ýyllygy belleniljek ýylda, Ispaniýada, Marokkoda we Portugaliýada geçiriler. Ýaryşyň ilkinji üç duşuşygy bolsa Argentinada, 1930-njy ýylda ilkinji dünýä çempionatyny kabul eden Urugwaýda we Paragwaýda geçiriler. Şeýlelikde, Ispaniýa dünýä çempionatyny häzirki dünýä çempiony derejesinde kabul edýän ilkinji ýurt bolar.