Tbiliside geçirilen Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy.
Medeni çäre iki ýurduň muzeý hünärmenleriniň duşuşygy bilen başlandy. Onuň dowamynda hünär tejribeleri alşyldy we hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlary kesgitlenildi.
Jemleýji günüň şowhunly wakasy hökmünde baýramçylyk konserti boldy.
Türkmen artistleriniň gruzin aýdymlaryny ýerine ýetirmegi tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Bu bolsa iki halkyň arasyndaky dostluk we özara hormat goýmak ýagdaýyny has-da dabaralandyrdy. Saz kompozisiýalary halkara hyzmatdaşlygynyň we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösmeginiň nyşanyna öwrülip, Türkmenistanyň we Gruziýanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga bolan özara gyzyklanmasyny tassyklady.
Türkmen artistleriniň, meşhur estrada aýdymçylarynyň, tans we folklor toparlarynyň çykyşlary tomaşaçylar tarapyndan uly şowhun bilen garşylandy. Konsertiň jemleýji pursadynda ähli gatnaşyjylaryň bilelikde ýerine ýetiren ruhubelent aýdymy tomaşaçylaryň ýadynda galdy.