Mary welaýatynyň çäginde iş alyp barýan türkmen gazçylary tarapyndan 2 müň 916 metr çuňlukda buraw işleri üstünlikli geçirilip, netijede ýer astyndaky 2 müň 860, 2 müň 858 metr aralyklardaky gatlaklardan çykymy bir gije-gündizde 700 müň kub metrden gowrak bolan senagat ähmiýetli kükürtsiz, wodorodsyz, arassa metan gazlardan bolan ýokary ekologiýa gymmatlygy bilen tapawutlanýan gaz akymy alyndy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Täze gaz akymynyň alynmagy Türkmenistanda ýangyç-energetika pudagynda alnyp barylýan giň möçberli işleriň üstüni ýetirdi. Bu bolsa uglewodorod serişdeleriniň gazylyp alynýan möçberlerini artdyrmaga, energiýa serişdeleriniň eksportyny köpugurly esasda ösdürmäge, ýurduň energiýa serişdelerini halkara bazarlaryna ibermegiň ygtybarly we durnukly ulgamlaryny döretmäge giň mümkinçilikleri berýär.