Turkmenportal logo
19.07.2026
83058305
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ispaniýa taryhynda ilkinji gezek tomsuň gyzgalaňly döwründe gyş üçin ýygnalan gaz gorlaryny ulanyp başlady

Ispaniýa taryhynda ilkinji gezek gyş möwsümi üçin ýerasty ammarlarynda saklanýan tebigy gaz gorlaryny tomus aýlarynda ulanyp başlady.

RIA Nowosti agentliginiň «Gas Infrastructure Europe» (GIE) birleşiginiň maglumatlaryna salgylanyp habar bermegine görä, munuň esasy sebäbi adatdan daşary yssy howa zerarly kondisioner ulgamlarynyň köpçülikleýin ulanylmagynyň netijesinde elektrik energiýasyna bolan islegiň düýpli artmagydyr.

Berilýän maglumatlara görä, 2–14-nji iýul aralygynda ýurduň ýerasty gaz ammarlaryndan 39,4 million kub metr tebigy gaz alyndy. Şol bir wagtyň özünde Ispaniýa gaz gorlaryny artdyrmagyň ýerine, olary azaltmagyny dowam etdirýär. Häzirki wagtda ammarlaryň dolulyk derejesi 73,3 göterime deň bolup, bu 2021-nji ýyldan bäri tomsuň ortalary üçin hasaba alnan iň pes görkezijidir.

Elektrik ulgamyna düşýän agramyň artmagy sebäpli gaz bilen işleýän elektrik stansiýalary önümçiligini köpeltmäge mejbur bolýar. Bu bolsa tebigy gaza bolan islegi ýokarlandyrýar we adatça gyş möwsümi üçin toplanylýan gaz gorlarynyň möhletinden öň sarp edilmegine getirýär.