"Belet" platformasy Ispaniýa bilen Argentina ýygyndylarynyň arasynda geçiriljek 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň final duşuşygynyň göni ýaýlymyny alyp barar, oýundan öň bolsa platformada ilkinji gezek öz studiýasyndan, hünärmenleriň hem-de teswileýjileriň gatnaşmagynda ýörite göni ýaýlym efire beriler.
Studiýa ýaýlymy Aşgabat wagty bilen sagat 23:30-da başlar, duşuşygyň özüniň göni ýaýlymy bolsa sagat 00:00-da ýaýlyma berler. Alyp baryjylar, hünärmen teleýaýlymçylar hem-de çagyrylan bilermenler iki ýygyndynyň hem finala çenli geçen ýoluny ara alyp maslahatlaşarlar, toparlaryň taktiki görnüşlerini seljererler, ýaryşyň esasy pursatlaryny ýatlarlar we duşuşygyň netijesi barada çaklamalaryny paýlaşarlar.
Dünýä çempionatynyň finaly Ist-Reserford şäherindäki «MetLife Stadium» stadionynda geçiriler – bu ýylky ýaryş ilkinji gezek üç döwletde – ABŞ-da, Kanadada we Meksikada bir wagtda geçirilýär.
Ispaniýanyň ýygyndysy topar tapgyryny hem-de pleý-off basgançagyny ýeňlişsiz geçdi, oýun wagtynda topa erk etmegi hem-de utgaşykly topar oýnuny esasy ýörelge edindi. Dünýäniň häzirki çempiony bolan Argentinanyň ýygyndysy bolsa öňki ýaryşda gazanan kubogyny goraýar we finala çenli geçen ýolunyň dowamynda esasy dalaşgärleriň biri hökmünde öz derejesini tassyklady.
“Belet”-de bellenişi ýaly, ýaryşyň iň möhüm duşuşygynyň öňünden studiýa ýaýlymynyň ýola goýulmagy platformanyň sport mazmunyny ösdürmekdäki täze görnüşi bolup, tomaşaçylar üçin futbolyň esasy wakalaryna tomaşa etmegi has-da baý we many-mazmunly etmäge gönükdirilendir.
Studiýa ýaýlymyna hem-de finalyň göni ýaýlymyna “Belet” platformasynda tomaşa edip bolar.