«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyn täze gury ýük gämilerini gurmak meýilleşdirilýär. Bu barada düýn sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda wise-premýer B.Annaýewiň milli flotuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler baradaky hasabatynda bellenildi.
TDH-de habar berlişi ýaly, gämi gurluşygyny ösdürmek hem-de milli flotuň parkyny kämilleşdirmek we giňeltmek maksady bilen, täze gury ýük gämilerini gurmak boýunça degişli çäreler görülýär. Munuň özi Hazar deňzinde döwletiň gämi gurluşyk mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga, milli flotuň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmäge hem-de daşalýan ýükleriň möçberlerini artdyrmaga ýardam eder.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurduň milli deňiz flotunyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy hem-de wise-premýere «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň işini kämilleşdirmek we önümçilik kuwwatyny artdyrmak boýunça işleri dowam etmegi tabşyrdy.