Turkmenportal logo
Düýn 11:30
1102611026
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşigiň döwlet tapgyryna ýokary derejede taýýarlyk görmek tabşyryldy

Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşiginiň jemleýji döwlet tapgyryny guramaçylykly geçirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda wise-premýer B.Mämmedowyň hasabatynda bellenildi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagy hem-de sungat ussatlarynyň ýoluny mynasyp dowam etmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, bu bäsleşik ýaş nesillerde sungat älemine söýgini döretmekde, olaryň zehin-başarnyklaryny ýüze çykarmakda uly ähmiýete eýedir. Bäsleşigiň tapgyrlarynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistany, ajaýyp döwri wasp edýän aýdym-sazlary ýokary ussatlyk bilen ýerine ýetirmekde tapawutlanan aýdymçy çagalaryň 21-si, çagalar tans, aýdym-saz we halk döredijilik toparlarynyň 14-si döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, wise-premýere zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşiginiň jemleýji döwlet tapgyryna gowy taýýarlyk görmegi we ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.