Turkmenportal logo
Düýn 10:57
1471814718
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti hökmany döwlet ätiýaçlandyryş ulgamyny kämilleşdirmegi tabşyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hökmany döwlet ätiýaçlandyryş ulgamyny kämilleşdirmegi tabşyrdy. Bu barada düýn sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda beýan edildi.

TDH-de habar berlişi ýaly, wise-premýer H.Geldimyradow ýurtda döwlet ätiýaçlandyryş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu ulgamy has-da ösdürmek hem-de hökmany döwlet ätiýaçlandyryşy babatda kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny kabul etmek boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar. Hususan-da, 2025-nji ýylyň noýabrynda «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu Kanuna laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy tarapyndan degişli ministrlikler we pudaklaýyn edaralary bilen bilelikde döwlet ätiýaçlandyryşy bilen bagly degişli Düzgünleriň taslamasy işlenip taýýarlanyldy.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurtda ätiýaçlandyryş ulgamyny ösdürmek, bu ugurda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kämilleşdirmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy hem-de wise-premýere hökmany döwlet ätiýaçlandyryş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.