Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow ýurduň howanyň üýtgemegi bilen bagly alyp barýan halkara hyzmatdaşlygy barada hasabat berdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi bilen bagly halkara hyzmatdaşlygyny daşary ýurt döwletleri, halkara guramalar bilen bilelikde ulgamlaýyn esasda ösdürmek Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer degişli ugurlar boýunça döwlet Baştutanynyň garamagyna birnäçe teklipleri hödürledi. Hususan-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň howanyň üýtgemegi bilen bagly halkara başlangyçlarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen Pudagara iş toparyny döretmek teklip edilýär. Bu Pudagara iş topary degişli daşary ýurt döwletleriň, halkara guramalaryň hem-de halkara maliýe institutlarynyň wekilleri bilen yzygiderli gepleşikleri geçirer.
Şeýle hem Merkezi Aziýada Howa tehnologiýalary boýunça sebit merkezini, Çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini we beýleki ekologiki başlangyçlary durmuşa geçirmek babatda alnyp barylýan işleri utgaşdyrar.
Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi bilen bagly başlangyçlaryny dünýä jemgyýetçiligine giňden wagyz etmek hem-de olara berilýän halkara goldawlaryny güýçlendirmek maksady bilen ýokary derejeli sebitleýin we ählumumy maslahatlara, forumlara hem-de sergilere işjeň gatnaşmak, olaryň çäklerinde ugurdaş çäreleri geçirmek, şeýle hem Türkmenistanyň milli pawilionlaryny ýa-da tanyşdyryş meýdançalaryny döretmek teklip edilýär.
Mundan başga-da, Aşgabat howa dialogyny döretmek baradaky teklip beýan edildi. Şunuň bilen birlikde, Merkezi Aziýada Howa tehnologiýalary boýunça hem-de Çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezlerini döretmek bilen bagly Türkmenistanyň Hereketler meýilnamasyny taýýarlamak teklip edilýär. Bu meýilnama agzalan merkezleriň dolandyryş gurluşyny hem-de hyzmatdaşlyk gurallaryny öz içine alar. Bu başlangyçlaryň maliýe taýdan durnukly bolmagyny üpjün etmek üçin BMG-niň degişli düzümleri, Ýaşyl howa gaznasy, Ählumumy ekologiýa gaznasy, Uýgunlaşma gaznasy, şeýle hem halkara maliýe institutlary bolan Bütindünýä banky we Aziýa Ösüş banky bilen mundan beýläk-de giňeltmek teklip edilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, Türkmenistanyň howanyň üýtgemegine garşy göreşmek we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça sebit we halkara derejesinde netijeli işleri alyp barýandygyny aýdyp, howanyň üýtgemegi boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça taýýarlanylan teklipleri makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.