Turkmenportal logo
18.07.2026
1453314533
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen döwlet neşirýat gullugy üçin täze tehnikalar satyn alnar

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek maksady bilen onuň düzümine zerur bolan enjamlar satyn alnar. Bu barada wise-premýer B.Seýidowa Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler baradaky hasabatynda bellenildi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň berýän goldaw hemaýatlary netijesinde döwlet neşirýat gullugynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak, önümçiligi bökdençsiz we doly kuwwatynda işletmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Wise-premýer bu işleriň has-da netijeli bolmagyny gazanmak maksady bilen daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyny aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasyny hödürledi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp,  TDNG-ni kämilleşdirmek boýunça işleriň alnyp barylýandygyny aýdyp, bu ugurda taýýarlanylan resminama gol çekdi. Döwlet Baştutanynyň gol çeken resminamasyna laýyklykda, Türkmen döwlet neşirýat gullugyna zerur bolan enjamlary satyn almak barada «Heidelberger Druckmaschinen» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.