«Türkmengaz» döwlet konsernine garamagyndaky edara-kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça resminama gol çekildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, degişli resminama Türkmenistanyň Prezidenti şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda gol çekdi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurduň nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen gol çekilen resminama laýyklykda, «Türkmengaz» döwlet konsernine garamagyndaky edara-kärhanalar üçin zerur bolan möçberdäki tehniki enjamlary satyn almak barada degişli kompaniýa bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.