Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. D.Gulmanowa milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurtda syýasy, durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalardan we Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň ýörelgelerinden ugur alnyp, şeýle hem ministrliklerden, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowşan teklipler seljerilip, Türkmenistanyň täze kanunlarynyň taslamalaryny taýýarlamak we hereket edýän birnäçe kanunçylyk namalaryna döwrebap üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek boýunça degişli işler geçirilýär.
Döwlet Baştutany ýurduň kanunçylyk binýadyny berkitmek, kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi.
Soňra wise-premýerler gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylan işler, olaryň netijeleri, şol sanda milli ykdysadyýetiň degişli pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, medeni-ynsanperwer, daşary syýasat hem-de beýleki degişli ugurlar boýunça geçirilen çäreler barada hasabat berdiler. Şeýle hem döwlet Baştutanynyň garamagyna birnäçe teklipleri hödürlediler.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler, halkara gatnaşyklar bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi. Mejlisiň dowamynda döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.