Turkmenportal logo
Düýn 17:33
72047204
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Gama» HJ-i türkmen-gruzin işewürlik forumyna gatnaşdy

«Gama» (Gama Trade and Logistics) ulag-logistika kompaniýasynyň ýolbaşçylary 2026-njy ýylyň 17-nji iýulynda Tbilisidäki «Expo-Georgia» sergi merkezinde geçirilen türkmen-gruzin işewürlik forumyna gatnaşdylar. Forum Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gruziýa amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde geçirildi.

Forumyň dowamynda Türkmenistanda öndürilen önümleriň göçme sergisi hem açyldy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, şeýle hem Gruziýanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan sergi 592 inedördül metrlik meýdanda ýaýbaňlandyryldy. Onda ýurduň 17 ministrliginiň we pudagynyň, şeýle hem 42 hususy kärhananyň we telekeçiniň diwarlyklary ýerleşdirildi. Sergide «Türkmenistanda öndürildi» nyşanly önümler bilen birlikde dokma, himiýa we dürli maksatly senagat önümleri hem görkezildi.

Halkara ýük daşamalaryny toplumlaýyn guramak boýunça ýöriteleşen Aşgabatdaky «Gama»  kompaniýasy forumda GDA, Ýewropa, Aziýa we Ýakyn Gündogar ugurlary boýunça awtoulag, demir ýol, deňiz we howa ulaglary arkaly ýük daşamak hyzmatlaryndaky mümkinçiliklerini tanyşdyrdy.

Türkmen-gruzin işewürlik forumyna gatnaşmak kompaniýanyň ýolbaşçylaryna Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga, şeýle hem gürji işewür toparlarynyň wekilleri bilen täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga mümkinçilik berdi.

Şeýle derejedäki çäre iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm meýdança bolup hyzmat etdi hem-de halkara logistika pudagynda işleýän türkmen kompaniýalary üçin täze mümkinçilikleri açdy.