Kongo Demokratik Respublikasynda alymlar ýüzi nikaply täze maýmyn görnüşini tapdylar, oňa «Colobus Congoensis» diýlen at berildi diýip, «PLOS One» ylmy žurnaly habar berdi.
Bu seýrek ylmy açyşlaryň biridir, sebäbi olar maýmynlaryň soňky 75 ýylda Afrikada hasaba alnan bary-ýogy bäşinji täze görnüşidir. Bu maýmynlar Afrikanyň iň barmasy kyn ýerlerinde ýaşaýarlar. Munuň üçin alymlara ilki uçarda, soňra motosiklde, birnäçe günläp pyýada hem-de gaýyklarda ýol sökmek gerek bolupdyr.
Hünärmenleri maýmynyň daşky görnüşi aýratyn özüne çekdi. Agzynyň töwereginiň we burnunyň eteginiň akýagyz derisi onuň nikap görnüşli ýüz-keşbini emele getirip, beýleki afrikan maýmynlaryndan düýpli tapawutlandyrýar.