Turkmenportal logo
Düýn 12:51
59055905
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen wekiliýeti bilen Gruziýanyň Hökümet administrasiýasynyň ýolbaşçysynyň arasynda duşuşyklar geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gruziýa amala aşyrýan döwlet saparynyň çäklerinde ýurduň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary bilen Gruziýanyň Hökümet administrasiýasynyň ýolbaşçysy Lewan Žoržolianiniň arasynda duşuşyklar geçirildi.

Gruziýanyň hökümetiniň berýän maglumatyna görä, söhbetdeşlikde dürli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy, şol sanda syýasy we ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmak mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar Orta geçelgäniň ösdürilmeginiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda Gruziýanyň möhüm ornuna aýratyn üns berildi. Lewan Žoržoliani Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary bilen bolan duşuşyklarda Gruziýanyň hökümetiniň Hazarüsti halkara geçelgesini ösdürmek ugrunda amala aşyrýan möhüm maýa goýum taslamalary barada gürrüň berdi.

Hökümet administrasiýasynyň ýolbaşçysy bilen geçirilen duşuşyklara Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary – G.Agajanow, B.Annaýew, N.Atagulyýew, şeýle hem Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanow gatnaşdylar.