Turkmenportal logo
Şu gün 12:47
49944994
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Slawko Winçiç futbol boýunça dünýä çempionatynyň final duşuşygyna baş emin bellenildi

Sloweniýaly emin Slawko Winçiç futbol boýunça dünýä çempionatynyň final duşuşygyna baş emin bellenildi. Bu barada Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) metbugat gullugy habar berdi.

Çempionatyň final duşuşygynda Argentina bilen Ispaniýanyň milli ýygyndylary 19-njy iýulda duşuşarlar. Oýun Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlanar. Winçiçiň meýdançadaky kömekçileri hökmünde onuň watandaşlary Tomaž Klançnik we Andraž Kowaçiç çykyş ederler. Duşuşygyň ätiýaçdaky emini Iordaniýadan Adham Mahadmeh, onuň kömekçisi bolsa şol ýurtdan Mohammad Al-Kalaf bolar.

46 ýaşly Slawko Winçiç 2010-njy ýyldan bäri FIFA-nyň halkara derejeli eminidir. Ol 2024-nji ýylda UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň final duşuşygyna eminlik edipdi. Häzirki dünýä çempionatynda bolsa dört duşuşyga eminlik etdi. Meksika bilen Ekwadoryň milli ýygyndylarynyň arasynda geçirilen we meksikaly futbolçylaryň 2:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlanan 1/16 final duşuşygynda Winçiç ekwadorly goragçy Pýero Inkapýe gyzyl duýduryş görkezip, meýdançadan çykardy. Muňa futbolçynyň garşydaşy bilen gepleşýän mahaly elini agzyna tutup durmagy sebäp boldy.