Turkmenportal logo
Düýn 11:09
81338133
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Amyderýa döwlet tebigy goraghanasy – sugunlary gorap saklamagyň ygtybarly mekanydyr

Türkmenistanyň çäginde sugunyň Merkezi Aziýada ýaýrap, seýrek duş gelýän we ýok bolmak howpy abanýan kiçi görnüşi bolan buhara suguny ýaşaýar.

Buhara suguny agramy 100 kilogramdan geçýän, syratly, owadan beden gurluşly iri haýwandyr. Erkek sugunlaryň şahlary owadan şahalanýar. Sugunlaryň şahlary hemişelik bolmaýar: jübütleşik möwsümi tamamlanandan soň, olar her ýyl şahlaryny taşlaýarlar. Köne şahlaryň ornunda täzeleri ösýär, emma täze çykan şahlar hiç wagt öňki şekilini gaýtalamaýar. Bu barada Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Buhara sugunlary Amyderýanyň boýundaky tokaýlyklarda we gyrymsy agaçly ýerlerde ýaşaýar. Olar oturymly ýaşaýyş düzgünini ýöredýärler. Tokaý zolaklarynda ot, gyrymsy agaçlaryň we baglaryň ýaş ýapraklary bilen iýmitlenip, özleri üçin amatly şertleri tapýarlar. Bahar paslynda bolsa çöl sebitlerine göçýärler.

Sugunyň bu seýrek görnüşi Türkmenistandan başga-da Özbegistanda, Täjigistanda we Gazagystanda duş gelýär.

Adamyň hojalyk işi sugunlaryň sanyna ep-esli täsir etdi. XX asyryň başlaryna çenli olar Amyderýanyň boýundaky tokaýlarda giňden ýaýrapdy. Amyderýa jülgesiniň özleşdirilmegi, derýanyň kenarynyň ýakalarynyň ekerançylyk üçin peýdalanylmagy, mallaryň bakylmagy we ýangynlar tokaý meýdanlarynyň düýpli azalmagyna getirdi. 1941-nji ýylda Darganata etrabynda goraghana döredilýär. Şol döwürde bu ýerde 60-a golaý sugun bardy, 1947-nji ýylda bolsa olaryň sany 100-e ýetýär.

Soňra Darganata goraghanasynyň ýapylmagy sugunlarynyň sanynyň örän çalt azalmagyna sebäp boldy. 1949-njy ýylda Amyderýanyň orta akymynda bolan güýçli sil zerarly 50-den gowrak sugun heläk boldy. Netijede, 1958-nji ýylda olaryň sany 20-ä çenli azaldy. 1960-njy ýyllaryň ortalarynda bu sebitde bary-ýogy 12–15 sugun galypdy, 1966–1968-nji ýyllarda bolsa Jargüzer tokaýlygynda diňe 5 sugun hasaba alyndy.

Sugunlaryň doly ýok bolup gitmeginiň we Amyderýa jülgesindäki tebigy tokaý toplumynyň weýran bolmak howpunyň öňüni almak maksady bilen, 1982-nji ýylda Amyderýa döwlet tebigy goraghanasy döredildi.

Soňky ýyllarda goraghanadaky sugunlaryň sany yzygiderli artdy. 2010-njy ýylda bu ýerde 60–70 sugun hasaba alyndy. 2018-nji ýylda olaryň sany 112-ä, 2019-njy ýylda bolsa 120-ä ýetdi.

Häzirki wagtda Türkmenistanda sugunlaryň iki esasy ýaýran mekany saklanyp galýar. Olaryň biri Seýdi bilen Darganata şäherleriniň arasyndaky Amyderýanyň boýundaky tokaý zolagy, beýlekisi bolsa Owganystan bilen serhetdeş Jargüzer sebitidir. Çeşmede berilýän maglumatlara görä, häzirki wagtda Türkmenistanda sugunlaryň umumy sany takmynan 250 başa ýetýär.