Turkmenportal logo
Düýn 09:57
60576057
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Kaliningradyň eteginde Harun ar Raşidiň müň ýyllyk hazynasy tapyldy
Surat: mir24.tv

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Arheologiýa institutynyň arheologlary Kaliningrad aýlagynyň günorta kenarynda möhüm tapyndynyň üstüni açdylar, olar VIII asyryň aýagy — IX asyryň başy bilen senelenýän arap şaýy pullarynyň ägirt uly hazynasynyň üstünden bardylar. Gadymy ilatly ýeriň medeni gatlagyndan toprakda bir müň ýyldan gowrak ýatan 59 sany kümüş dirhem tapyldy diýip, «MIR 24» habar berýär.

Tapylan pul birlikleri – kufy dirhemleri orta asyr Ýewropanyň ykdysady durmuşynda möhüm orny eýeläpdir. Hazynany jikme-jik barlanlaryndan soňra alymlar onuň iki sany dürli bölekden ybaratdygyny anykladylar. Olaryň agramly bölegi halyf Harun ar Raşidiň ady bilen baglydyr. Hut onuň döwründe Arap halyflygy gülläp ösüpdir. Bu kümüş pullaryň agramly bölegi halyflygyň paýtagty bolan Bagdatda zikgelenipdir.

Hazynanyň beýleki bölegi dirhemleriň ýarysyndan ybarat pul bölekleridir. Şol döwürde şeýle bölek şaýylyklar söwdada ownuk pul hökmünde peýdalanylypdyr.