Turkmenportal logo
Düýn 09:44
57235723
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Germaniýanyň kansleri Bundestagda zenanlaryň azdygyndan nägilelik bildirdi
Surat: ria.ru

Häzirki wagtda Bundestagyň (Ministrler Kabineti) fraksiýalarynda zenanlar juda az hem-de wajyp meselä öwrüldi diýip, Germaniýanyň kansleri Fridrih Mers Berlinde geçen metbugat maslahatynda aýtdy diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.

«Bu ýagdaý, gynansagam, meniň fraksiýama aýratyn degişlidir. Biz bu meseläni çözmäge jan edýäris. Men zenanlaryň syýasata gelmegi, syýasy wezipelere çekilmegi hem-de jogapkarçilikli borçlary eginlerine almagy üçin elimde baryny edýärin» diýip, ýurduň Ministrler Kabinetiniň başlygy nygtady.

Kansler şeýle hem zenanlaryň iş başarjaňlygynyň nyşany hökmünde Ministrler Kabinetinde ýeke-täk zenan ýolbaşçy bolan zähmet ministri Berbel Basyň uly işjeňlik görkezýändigini belledi.

Mundan öň Fridrih Mers jemgyýetçilik pikir soralyşyklarynda özüniň pes goldaw alýandygyndan biynjalyk bolýandygyny boýun aldy. Kansleriň sözlerine görä, ol her bir başlangyjy öz topary bilen ara alyp maslahatlaşandan soňra kabul edýär.