Bruneý soltan Hassanal Bolkiahyň doglan gününi uly dabaralara besläp baýram etdi. Soltanyň 80 ýaşy doldy.
Ýurduň Bandar-Seri-Begawan şäherinde hormat garawulynyň dabaraly ýörişi boldy, soňra Patyşa köşgünde aýratyn kabul edişlik guraldy.
1980-nji ýyllarda Bolkiah Hassanal tutuş planetada iň baý adamlaryň biri hasapl edilýärdi, onuň emlägi 25 milliard dollar bahalanýardy. Ol tagtda 58 ýyl bäri otyr.
Bruneýde soltanyň doglan güni iň esasy döwlet baýramlarynyň biri hasaplanýar. Paýtagtdaol gün dabaraly çäreler, harby ýöriş, medeni çäreler we baýramçylyk doga okalyşyklary guralýar.
Däbe görä, şol gün soltan öz raýatlary bilen duşuşýar, adamlar patyşany gutlap, oňa öz hormat-sarpalaryny bildirýärler. Köşkde bolsa hökümet wekilleriniň, ilçileriň we jemgyýetçilik işgärleriniň gatnaşmagynda resmi kabul edişlikler bolýar.