Beýik Britaniýanyň Meteorologik edarasynyň (Met Office) alymlary howa şeýlebir üýtgedi welin, indiden beýläk XX asyryň başlaryna mahsus bolan klimat şertlerini indi yzyna dolap bolmaz diýen netijä geldiler. Bu barada «State of the UK Climate» edarasynyň her ýylky hasabatynyň nobatdakysyna salgylanýan «The Guardian» habar berdi.
Alymlaryň maglumatlaryna görä, Angliýanyň günorta-gündogarynda has göz ilerlikli üýtgeşmeler bolup geçipdir. Ýagny geçen asyryň başlary bilen deňeşdirilende, iň adatdan daşary yssy günleriň we maýyl gijeleriň sany görnetin artypdyr. Nutugyň awtorlary häzirki howa şertlerini Beýik Britaniýada XX asyrda bolan howa şertleri bilen deňeşdirip bolmajakdygyny belleýärler.
«Maglumatlar 1900-njy ýyllaryň klimatynyň eýýäm ýok bolandygyny görkezýär» diýlip, hasabatda aýdylýar.
Howa üýtgeşmeleriniň dolanuwsyzlygy ählumumy ýagdaýy şöhlelendirýär. Dünýäniň köp ýurdunda alymlar eýýäm diňe maýlama barada gürrüň etmän, geçen asyryň howa kadalarynyň möwrütiniň ötendigini aýdýarlar.