Turkmenportal logo
Düýn 22:49
66496649
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Tbliside Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilýär

Şu günler Gruziýanyň paýtagty Tbilisi şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilýär. Bu halkara medeni çäre iki ýurduň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösüşiň täze derejesine çykýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Türkmenistanyň Gruziýadaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy türkmenistanly medeniýet işgärleriniň taýýarlan amaly-haşam sungatynyň eserlerinden ybarat bolan giň möçberli sergi bilen utgaşdy. Sergide türkmen halkynyň taryhyň dowamynda döreden bu dünýä nusgalyk däp-dessurlary, suratkeşleriň we heýkeltaraşlaryň eserleri görkezildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Gruziýadaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy mynasybetli guralan aýdym-sazly çykyşlar has-da täsirli boldy. Medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly çykyşlary bu ýere ýygnananlarda ýakymly täsir galdyrdy.

Medeniýet günleriniň çäklerinde iki ýurduň döredijilik we kitaphana işgärleriniň duşuşygynyň geçirilmegi medeni çäreleriň many-mazmun taýdan baýlaşmagyna itergi berdi. Duşuşyklaryň dowamynda häzirki döwürde özara tejribe alyşmak we degişli ugurlar boýunça gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Şeýle hem medeni çäräniň dabaralary Türkmenistanyň we Gruziýanyň teatr ýolbaşçylarynyň özara duşuşyklary arkaly dowam etdi. Sahna ussatlarynyň duşuşygy teatr sungatynyň häzirki ýeten derejesi we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalara baý boldy.

Türkmenistanyň döredijilik wekiliýetiniň agzalary Tblisi şäheriniň gözel ýerlerinde gezelençde boldular. Munuň özi Türkmenistanyň Gruziýadaky Medeniýet günleriniň maksatnamasynyň köpugurly häsiýete eýe bolandygyny alamatlandyrdy.