Turkmenportal logo
Düýn 22:45
63926392
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda Türkmen-koreý parlamentara dostluk toparlarynyň arasynda gepleşikler geçirildi

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň binasynda Türkmen-koreý parlamentara dostluk toparlarynyň duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Mejlisinde habar berlişi ýaly, duşuşygyň maksady ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň işiniň kämilleşdirilmegi hem-de ugurdaş komitetleriň, arasyndaky gatnaşyklaryň ýola goýulmagy bilen bagly pikir alyşmalardan ybarat boldy. 

Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanlarynyň tagallalary bilen iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň dürli ugurlarda netijeli häsiýete eýe bolýandygy, türkmen-koreý gatnaşyklarynyň baý tejribesiniň esasynda syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer we parlamentara hyzmatdaşlykda uly ösüşleriň gazanylandygy bellenildi. Şunuň bilen birlikde, ýurtlaryň arasyndaky hoşniýetli hyzmatdaşlygyň, halkara guramalaryň çäklerinde hem özara bähbitli gatnaşyklar esasynda yzygiderli ösdürilýändigi we pugtalandyrylýandygy nygtaldy.

Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, kanun çykaryjylyk we sebitara hyzmatdaşlyk meseleleri barada pikir alşyldy. Şunda türkmen-koreý işewürlik geňeşiniň, söwda, ykdysady, ylmy, tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň uzak möhletleýin hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça alyp barýan işleriniň oňyn netijeleri bellenildi. 

Taraplar iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ýangyç-energetika, ulag we logistika, sanlylaşdyrma, ýokary tehnologiýalar, ulag we gämi gurluşygy, koreý dilini öwretmek ýaly ugurlardaky hyzmatdaşlygyň ähmiýetini bellediler. Şunda türkmenistanly ýaşlaryň Koreýa Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde öz bilimlerini artdyrýandyklary, ýurduň umumybilim berýän orta mekdebinde okuwçylara we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda bilim alýan talyplara koreý diliniň öwredilýändigi barada aýdyldy. 

Iki ýurduň arasynda işjeň häsiýete eýe bolan dostlukly gatnaşyklaryň geljekde hem parlament diplomatiýasy arkaly has-da pugtalandyryljakdygyna ynam bildirildi.