ABŞ-nyň häkimiýetleri grin-kart almak üçin ýüz tutýanlaryň käbirleri üçin 100 müň ABŞ-nyň dollary möçberinde pul girewini girizmek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşýar. Bu barada The Wall Street Journal neşiri çeşmelere salgylanyp habar berýär.
Neşiriň berýän maglumatlaryna görä, girewiň möçberi anyk ýagdaýa baglylykda üýtgäp biler — ol görkezilen mukdardan ýokary, şeýle hem pes bolup biler.
Täze düzgün ilki bilen ýurtlaryň çäkli sanawyndan bolan «käbir» dalaşgärlerde synag hökmünde ulanylar. Şeýle-de bolsa, neşir haýsy döwletler we ýüz tutýanlaryň haýsy derejesi barada gürrüň edilýändigini anyklaşdyrmaýar.
WSJ-niň bellemegine görä, bu girew grin-kartyň eýesi ABŞ-a göçüp barandan soň özüni maliýe taýdan üpjün edip bilmese, döwlet üçin maliýe kepilligi bolup hyzmat etmeli. Goýlan puly yzyna almak diňe ABŞ-nyň raýatlygy alnandan soň mümkin bolar. Bu bolsa, adatça, azyndan bäş ýyl dowam edýär.
Grin kart — daşary ýurt raýatynyň şahsyýetini tassyklaýan, onuň ABŞ-da hemişelik ýaşamaga hukuk berýän we şol bir wagtyň özünde ýurtda zähmet çekmäge rugsat berýän resminamadyr.