Turkmenportal logo
16.07.2026
98849884
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Germaniýanyň senagaty 2025-nji ýylda 177 müň iş ornuny ýitirdi
Surat: belta.by

Germaniýada 2025-nji ýylda 177 müň iş orny ýitirildi. Bu barada Iş üpjünçiligi  boýunça federal agentligiň maglumatlaryna salgylanýan «Der Tagesspiegel» gazeti habar berdi.

Senagat pudagynda 2025-nji ýylyň dekabrynda hökmany durmuş ätiýaçlandyrmasyna degişli bolan 6,5 million töweregi adam zähmet çekdi. Bu ähli ätiýaçlandyrylan umumy işçi sanynyň bäşden bir bölegine deňdir.

Awtoulag senagatynda we bu senagaty üpjün edijiler boýunça iň köp iş ornunyň kemeldilendigi (52 müň iş orny) hasaba alyndy. Maşyn gurluşygynda iş ýerleriniň sany 28 müň, metallurgiýada 24 müň azaldyldy.

«Der Tagesspiegel» neşiri iş orunlarynyň kemelmeginiň dowam edýändigini ýazýar. Ady tutulan federal agentligiň ýolbaşçysy Andrea Nalesiň sözlerine görä, senagat her aýda 15 müň töweregi iş ýerini ýitirýär.