Turkmenportal logo
16.07.2026
85408540
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Unicode» iPhone we Android ulgamlarynda peýda boljak täze emoziler bilen tanyşdyrdy
Surat: gazeta.ru

«Unicode» konsorsiumy Apple we Android enjamlarynda peýda boljak täze emoziler bilen tanyşdyrdy, oňa dokuz sany täze nyşan girer we olaryň hatarynda «çat açýan ýüz», asman daşy we täze yşaratlar bar diýip, «Engadget» neşiri habar berdi.

Täze emozileriň deslapky sanawy bilen 17-nji iýulda bellenjek Bütindünýä emozi gününiň öňisyrasynda konsorsiumyň ýolbaşçylarynyň biri Jennifer Deniel tanyşdyrdy.  «Unicode 18» ahyrky täzelenmesi 2026-njy ýylyň güýüznde bolar, şondan soňra gajetleri öndürijiler olary öz operasion ulgamlaryna goşup bilerler.

Emozileriň arasynda iň özüne çekiji adamyň gizlin içki tolgunmasyny aňladýan «çat açýan ýüz» emozisidir. Toplumda şeýle hem asman daşy, «Danaid monarhy» kebelegi, deňiz çyragy, pozguç, tor halta we duzlanan hyýar bar. Yşaratlaryň hataryna uly barmakly çepe we saga açylan iki el girer diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.

«Unicode» konsorsiumy — bu «Unicode» ölçegini döretmek we ösdürmek üçin jogap berýän telekeçilik däl guramadyr.