Turkmenportal logo
16.07.2026
71227122
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«DeepSeek» kompaniýasynyň eýesi taryhda iň baý EA - nusgalary işläp düzüji boldy
Surat: kabar.kg

Hytaýyň «DeepSeek» kompaniýasyny esaslandyran Lýan Wenfen emeli aňyň iň uly dil nusgalaryny işläp düzmeklige ýöritelen kompaniýalaryň düýbüni tutujylaryň arasynda iň baý telekeçi boldy.

«Bloomberg» agentliginiň habar bermegine görä, iň soňky maýa goýum tapgyryndan soňra Lýan Wenfeniň emlägi iki esseden hem artyp, 16,7 milliard dollardan 36 milliard dollara çenli köpeldi. Onuň girdejisi «DeepSeek» kompaniýasyna iýunda 7,4 mlrd dollardan hem köp maýa goýulmagy bilen baglylykda artdy. Geleşigiň jemleri boýunça kompaniýanyň bahasy 50 mlrd dollar bahalandy, aprelde ol 10 mlrd dollar töweregi bolupdy. «Bloomberg» öz gezeginde Lýanyň 3 mlrd dollar töweregi maýa goýup, kompaniýanyň paýnamalarynyň 78 göterimini saklap galandygyny ýazýar.

«Bloomberg Billionaires Index» bahalandyrmasyna laýyklykda, hytaýly işewür milliarderleriň dünýä sanawynda 63-nji orny eýeläp, Hytaýyň iň baý telekeçileriniň hataryna girýär.