Gazagystanyň paýtagtynda «Geljegiň oýunlary 2026» çäresiniň badalga almagyna iki hepdeden gowrak wagt galdy, bu abraýly halkara ýaryşlary özüne sportuň däp bolup gelýän görnüşlerini we sanly bäsleşikleri jemlär diýip, «MIR 24» ýazýar.
Täze nesliň ýaryşlary paýtagtyň dört meýdançasynda geçiriler. Ýaryşlara 35 ýurtdan türgenler we 10 müň syýahatçy geler diýlip garaşylýar.
Gazagystanda «Geljegiň oýunlaryny» geçirmek başlangyjy Respublikanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe degişlidir. Ol bu barada 2024-nji ýylda Kazan şäherinde geçen ýaryşlarda yglan etdi.