Turkmenportal logo
15.07.2026
1197711977
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
2026-njy ýylyň iň ýokary howa derejesi hasaba alyndy
Surat: mir24.tv

Eýranyň Dehloran diýen ýerinde 2026-njy ýylyň iň yssy howa derejesi hasaba alyndy, ol ýerde görkeziji 13-nji iýulda Selsiý boýunça 52,1 gradus boldy.

Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri dünýäniň ähli ýerinde hasaba alnan iň ýokary howa derejesidir. Muňa garamazdan, görkezijiler henize çenli ýurtda ykrar edilen taryhy rekorda ýetip bilmedi, 2017-nji ýylda Eýranda 53,7 gradus yssy hasaba alnypdy.

Hünärmenler iýulda howanyň üýtgäp durmagy bilen baglylykda, dünýäniň köp sebitlerinde görülmedik yssy howanyň boljakdygyny duýdurypdylar.

Bu barada «MIR 24» habar berdi.