Turkmenportal logo
15.07.2026
1012910129
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hindistan iýunda 2 milliard dollarlyk altyn satyn aldy
Surat: kapital.kz

Hindistan geçen iýun aýynda 1,97 milliard dollara deň bolan altyny daşary ýurtlardan satyn aldy. Bu barada ýurduň Söwda we senagat ministrligine salgylanýan «INTERFAX.RU» habar berdi. Bu görkeziji geçen ýylyň iýunyndakydan 7 göterim köp, geçen ýylyň maýyndakydan bolsa, 42 göterim azdyr.

«Altynyň importy paçlar ýokarlandyrylandan soňra azalýar, emma bir ýyl öňdäkiden köp bolmagynda galýar» diýip, «World Gold Council» edarasynyň bilermeni Kawita Çako aýdýar. Maýyň ortalarynda Hindistanyň hökümeti altyna paçlary 6 göterim bolanlygyndan 15 göterime çenli ýokarlandyrypdy.

2026-njy ýylyň birinji ýarymynda Hindistanyň 33,59 milliard dollarlyk altyn satyn alandygy bellenýär. Bu ýurt dünýäde iň iri altyn sarp edijileriň biri bolup durýar.