Turkmenportal logo
Düýn 09:48
1010010100
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň mekdep okuwçylary Bakudaky matematika olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdiler

Türkmenistanyň mekdep okuwçylary Bakuda geçirilen Turkic International Mathematical Olympiad (TIMO) 2026 halkara matematika olimpiadasynda üstünlikli çykyş edip, bir bürünç medal hem-de üç sany Honorable Mention (Hormat haty) baýragyna mynasyp boldular. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

Bürünç medaly A.S. Puşkin adyndaky Türkmen-rus bilelikdäki umumybilim berýän orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Aýhan Orazdurdyýew gazandy. Ol öz ýaş toparynda bäsleşen 56 gatnaşyjynyň arasynda 80 utuk toplady.

Honorable Mention (Hormat haty) baýragyna Aşgabat şäherinden Alymuhammet Orazow, şeýle hem Mary şäherinden Aýjeren Muhammetnazarowa we Gülşat Muhammetnazarowa mynasyp boldular.

Halkara olimpiadasynyň ýumuşlary çylşyrymly we adaty bolmadyk meselelerden ybarat bolup, gatnaşyjylardan diňe bir çuňňur matematiki bilimleri däl-de, eýsem ösen logiki pikirlenmegi, ünsli bolmagy hem-de dogry çözgütleri gysga wagtda tapmak başarnygyny hem talap etdi.

Bu abraýly bäsleşik 13 ýurtdan gelen mekdep okuwçylaryny bir ýere jemledi. Olimpiada Albaniýanyň, Azerbaýjanyň, Bolgariýanyň, Filippinleriň, Hindistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Kosowonyň, Özbegistanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň wekilleri gatnaşdylar.