Turkmenportal logo
15.07.2026
96519651
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Balkan welaýatynda 52 müň 400 tonna bakja önümini ýygnamak meýilleşdirilýär

Balkan welaýatynyň daýhanlary şu möwsümde 2 müň 620 gektar meýdandan 52 müň 400 tonna bakja önümini ýygnamagy meýilleşdirýärler. Häzirki wagtda gawun we garpyz hasylyny ýygnamak işleri ýokary depginde dowam etdirilýär. Bereket, Gyzylarbat, Magtymguly, Etrek we Esenguly etraplarynyň ekerançylary ýokary zähmet görkezijilerini gazanýarlar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

Bu sebitde ýylsaýyn «waharman», «gyzyldepe», «gülabi» we «garrygyz» ýaly türkmen gawunlarynyň meşhur görnüşleriniň bol hasyly ösdürilip ýetişdirilýär.

Bakja önümlerine bolan uly isleg nazara alnyp, ýygnalan hasyl ýurduň ähli künjeklerindäki bazarlara we söwda nokatlaryna dessine ugradylýar.

Biz ozal Türkmenistanda garpyzyň bahalary barada habar beripdik.