Turkmenportal logo
Düýn 08:40
90199019
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Makron Ispaniýanyň ýygyndysyny Fransiýanyň üstünden gazanan ýeňşi bilen gutlady

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron futbol boýunça Ispaniýanyň milli ýygyndysyny dünýä çempionatynyň ýarym finalynda Fransiýany ýeňendigi mynasybetli gutlady.

Sişenbe güni ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän dünýä çempionatynyň ýarym finalynda Ispaniýanyň ýygyndysy Fransiýany ýeňdi. Arlington şäherinde (Tehas ştaty) geçirilen duşuşyk 2:0 hasabynda ispanlaryň peýdasyna tamamlandy.

«Indiki tapgyra çykmagy bilen Ispaniýany gutlaýarys. Fransiýanyň ýygyndysyna ýurdumyzdaň baýdagyny janypkeşlik bilen gorandyklary üçin minnetdarlyk bildirýarin. Şu günki ýeňliş agyr boldy, ýöne bu topar ýaş, onuň öňünde uly geljek bar» — diýip, Makron X sosial ulgamyndaky sahypasynda ýazdy.

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionaty 19-njy iýulda tamamlanar. Beýleki ýarym final duşuşygynda çarşenbe güni Angliýanyň we Argentinanyň milli ýygyndylary özara güýç synanyşarlar.